13.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
13.12
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
12.12
2018
Şu gün Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly çäreler geçirilip, olaryň esasysy türkmen paýtagtynda boldy. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.
12.12
2018
Şu gün paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy.
12.12
2018
12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
12.12
2018
Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
11.12
2018
Bitarap Türkmenistan üçin şanly sene bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
11.12
2018
Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 23 ýyllygyna gabatlanyp, “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
11.12
2018
Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2018-nji ýylda futzal boýunça Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi kesgitlendi. Bu toparlar bir hepdäniň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda erjel göreş alyp bardylar.
11.12
2018
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.