Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
Syýasy habarlar
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
Çap edildi 11.12.2018
1337

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň gidişi boýunça meselelerine aýratyn orun berilen sebitleýin meseleler boýunça pikirleri alyşyp, taraplar iki döwletiň arasynda mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seretdiler. Hususan-da, bitarap Türkmenistanyň Owganystan boýunça halkara başlangyçlarynyň işjeň agzasy bolmak bilen, birnäçe ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça tagallalary edip gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda esasy üns, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň goňşy Owganystanda parahatçylyk ýagdaýyny ýola goýmakda özüniň syýasy-diplomatik giňişligini bermäge taýýardygy baradaky başlangyjyna çekildi. Owgan meselesine ünsi çekmek bilen Z.Halilzad Owaganystanda durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalaryna ýokary baha berdi hem-de olaryň goňşy Owganystanda we tutuş sebitde howpsuzlygy üpjün etmekdäki zerurlygyny belledi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrogeçirijileriň we optiki-süýümli aragatnaşygynyň geçirijisiniň şeýle hem Serhetabat-Turgundy-Gerat, Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýollarynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň tutuş geosyýasy kartasyny üýtgeder diýip kabul edildi. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp, taraplar ony geljekde özarabähbitli esasda giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow