15.01
2019
Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylar düzümine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
14.01
2019
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi.
13.01
2019
Men we meniň ýanýoldaşym Size iberen hatyňyz üçin hoşallyk bildirýäris. Buşuň maşgala agzalary Siziň kakam hakyndaky ýakymly ýatlamalaryňyz üçin minnetdardyr.
13.01
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
11.01
2019
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» — 2019-njy ýylyň bu şygary esasy wakalaryň özeni boldy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky tapgyr şol wakalardan badalga aldy.
11.01
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi.
11.01
2019
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata taýýarlyk görmäge bagyşlanylan maslahat geçirildi.
11.01
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.
10.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.