24.03
2019
Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy günlerinde şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Bu dabaraly günlerde dünýäniň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem köp sanly adamlar täzelenişiň, täzeden döreýşiň baýramçylygyny belleýärler.
22.03
2019
Türkmenistanda täze bag ekmek möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz ýowaryna çykdy. Ol diňe bir ildeşlerimiziň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygy bolman, eýsem, türkmen hakynyň milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ruhubelentliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.
22.03
2019
Ajaýyp Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.
21.03
2019
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
21.03
2019
Şu gün ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpöwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy.
21.03
2019
Şu gün Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy.
20.03
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda özara hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýurdumyzyň Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem döwletimiziň gündelik durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
20.03
2019
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Milli bahar baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
20.03
2019
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
20.03
2019
21-nji martda Türkmenistanda Saýlaw kodeksine laýyklykda, käbir saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermeklik başlandy.