Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Möhletinden öň ses bermek — demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagy
Jemgyýet
Möhletinden öň ses bermek — demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagy
Çap edildi 20.03.2019
2009

21-nji martda Türkmenistanda Saýlaw kodeksine laýyklykda, käbir saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermeklik başlandy. Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk gulluk iş saparyna gidýänler ýa-da zähmet dynç alşyna çykýanlar üçin, şeýle hem saýlawlar güni — 31-nji martda ol ýa-da beýleki sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr. Saýlaw möwsüminiň barşy barada, umuman aýdylanda, ähli saýlaw uçastok toparlarynyň alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýedigini bellemek gerek. Şol toparlaryň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň iň mynasyp agzalary girdi. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary işe doly taýýar. Saýlawlara gözegçiligi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenen milli synçylar amala aşyrýarlar. Saýlawlaryň öň ýanynda bolşy ýaly, ses berilýän günde hem olara ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratiýa esasynda geçirilmegine oňyn täsir eder. Dalaşgärler bilen duşuşyklaryň geçirilmegi hem dowam edýär. Duşuşyklaryň barşynda saýlawçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän dalaşgärleriň saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşýarlar. Şeýlelikde, şu gün badalga alan möhletinden öň ses bermek tapgyry ýerlerde ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň durmuşynyň abadançylygynyň we rowaçlygyň maksatlaryna yzygiderli ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüljek bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň geçirilmegine taýýarlygyny tassyklaýar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow