21.06 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
21.06 2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:
21.06 2019
Şu gün Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.
20.06 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
20.06 2019
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler.
19.06 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
18.06 2019
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi hem-de şu çempionaty geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
17.06 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi.
17.06 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Branko Rakowesden ynanç hatyny kabul etdi.
17.06 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
1522 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY