Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Däne oragynyň depginleri artýar
Ykdysadyýet
Däne oragynyň depginleri artýar
Çap edildi 20.06.2019
1479

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler. Etrabyň kärendeçileri 11 müň 443 gektardan 23 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaý ýygnadylar. Galla ýetişdirmek işiniň barşynda agrotehniki çäreleriň takyk ýerine ýetirilmegi, däne ýygnaýan hem-de ulag toplumynyň ähli düzümleriniň guramaçylykly işledilmegi gazanylan üstünligiň özenini düzdi. Bugdaý oragynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba zähmetkeşleri baradaky aladasy netijesinde satyn alnan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary ulanyldy. Hususan-da, oragyň gyzgalaňly döwründe meýdanlarda däne orujy döwrebap kombaýnlaryň 28-si hem-de ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine daşaýan ulaglaryň 150-si gije-gündizleýin ýokary öndürijilikli işledildi. Tehnikalara hyzmat etmek, oraga gatnaşyjylaryň medeniýetli dynç almagyny üpjün etmek üçin hemme şertler döredildi. Etrabyň daýhanlarynyň zähmet ýeňşine Osman Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri has uly goşant goşdular. Bu ýerde kärendeçileriň 800-den gowragy güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. 2 müň gektardan gowrak ýere bugdaý ekilen meýdanda bitginli hasyl ýetişdirildi hem-de Watan harmanyna şertnamalaýyn borçnama boýunça 4 müň 590 tonna derek, 5 müň 680 tonnadan gowrak däne tabşyryldy. Munuň özi 1 müň 100 tonna barabar dänäniň meýilnamadan artyk tabşyrylandygyny aňladýar. Her gektaryň hasyllylygy 28 sentnere deň boldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň galla oragy möwsüminiň iň oňat ussatlarynyň hatarynda tejribeli ekerançy A.Ärsaryýewiň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler topary hem bar. Bu topar öz üstüne alan borçnamasyny bir ýarym esse ýerine ýetirdi. Hojalygyň ençeme kärendeçileri ýokary hasyllylygy gazandy. S.Abdyllaýewa her gektardan ýokary hilli dänäniň 60 sentnerini almagy, M.Osmanowa hasyllylygy 53,5 sentnere ýetirmegi başardy. «Hatap» daýhan birleşiginiň ýer eýeleri hem tapawutlandylar. Olar harmana 3,1 müň tonna däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýokary hasyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba adamlarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň ýaşamagy hem-de zähmet çekmegi üçin iň oňat şertleri döretmek we umuman, Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek ugrundaky yzygiderli aladalaryna ýurdumyzyň ekerançylarynyň mynasyp goşandydyr. Etrabyň oba zähmetkeşleri güýzlük bugdaý oragyndan soň, boşan meýdanlaryň köp bölegine şaly, bakja, giçki gök ekinleri ekdiler. Bu ekinleriň hasyly olara goşmaça girdeji getirer.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow