Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” amerikan kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” amerikan kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Çap edildi 26.10.2017
1313

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh-bagçylyk enjamlary bölüminiň baştutany Markwart fon Pentsy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy uly baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de milli Liderimize we tutuş halkymyza iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň nygtaýşy ýaly, “John Deere” kompaniýasy ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň 25 ýyla golaý döwrüne tüýs ýürekden buýsanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetiň ösüşinde, şol sanda oba hojalygy ýaly möhüm pudakda uly netijeler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä işewürliginiň, şol sanda amerikan işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berilýändigini nygtap, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda myhman türkmen oba hojalykçylary bilen has-da ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, özara hereketleriň ugurlaryny hem-de ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň görnüşlerini, hususan-da, pagta ýygnaýjy we däne ýygnaýjy kombaýnlaryň, traktorlaryň, şeýle hem dürli oba hojalyk we seýilgäh-bagçylyk enjamlarynyň täze görnüşlerini giňeltmäge kompaniýanyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň wekili “John Deere” kompaniýasynyň işewürligi üstünlikli alyp barmaga hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de hemme tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow