Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.10.2017
1306

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň baş baýramy—Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. I.Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklara gyzyklanmasyny tassyklap, Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň geljeginiň häzirki wagtda daşary ýurtlaryň işewür toparlaryny özüne çekýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen bazarynyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz senagat toplumyny hem-de durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalaryň dürli ugurlarda netijeli özara hereket etmäge täze giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Igor Makarow “Aretiniň” Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan dürli ulgamlarda başy başlanýan milli özgertmeleriň hem-de strategiki maksatnamalaryň öňe ilerledilmegine işjeň gatnaşyp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we möhüm durmuş wezipelerini çözmäge ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Işewüriň ynandyryşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşer.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow