Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Çap edildi 25.10.2017
1426

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere, hem-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça bu edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylmagyna, harby düzümleriň täze enjamlar we ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, harby işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler baradaky hasabatlary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem milli senenamamyzdaky şanly sene mynasybetli geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Şeýle hem ähli ugurlarda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň muzemezligi, migrasiýanyň işi barada maglumatlar aýdyldy. Ýurdumyzda jemgyýetçilik-düzgün tertibini saklamak, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatlarda bellenip geçildi. Kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ý.Soýegowy başga işe geçmegi sebäplieýeleýän wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine A.Osmanowy belledi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasynyň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha döwrebaplaşýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň goragçylarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, doly derejeli zähmet çekmegi, durmuşy we dynç almagyiçin zerur şertler döretmäge, harby gullykçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Mejlisde beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow