Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan kottežler toplumynyň açylyşyş dabarasyna gatnaşýar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan kottežler toplumynyň açylyşyş dabarasyna gatnaşýar
Çap edildi 23.10.2017
1413

Paýtagtymyz Aşgabatda ýüzlerçe maşgala täze görnüşli jaýlara göçüp geldiler. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Täze göçüp gelenleri gutlamak we ýokary amatlykly bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçy toparlary gatnaşdy. Ýaşaýyş jaý toplumynda her biri bir maşgala niýetlenen 2 gatly kottežleriň 208 sanysy, şeýle hem 4 we 6 öýli 3 hem-de 4 gatly kottež görnüşli jaýlaryň on alty sanysy Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda bina edildi. Kottežleriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan öz serişdelerine gurlandygyny, şeýle-de gurluşyk kompaniýalary tarapyndan 15-nji tapgyrda dürli pudaklara degişli 18 sany 12 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 11 sany söwda merkezlerini, çagalar bagyny we 600 okuwça niýetlenen orta mekdebi, seýilgäh we beýleki durmuş maksatly desgalaryny gurlandygyny bellemeli. Bulardan başga-da şäheriň bu künjünde ýol-ulag düzümi doly ýagdaýda abatlaşdyryldy. Ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etdi. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy netijesinde, Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgalalar täze jaýlara göçüp barýarlar. Kottež görnüşli jaýlaryň gurluşygy raýatlaryň has oňaýly we amatly ýaşamaga mümkinçiliklerini has-da giňelder we bu jaýlar döwrüň talaplaryna we ýaşaýjylaryň öz isleglerine doly gabat geler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow