Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi
Çap edildi 12.10.2017
1600

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi. Sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklerimizi giňden şöhlelendirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen dumukly ösýändigini aýdyň görkezýär – diýlip gutlagda aýdylýar. Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Çünki, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler bir maksada - ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary hilli üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň halk hojalygynyň örän uly kuwwaty, döwletimiziň amatly ýerleşişi, türkmen topragynyň egsilmez baýlyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş- ykdysady ugurlarda gazanýan üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň dumukly ösüşiniň, abadançylygymyzyň esasy çeşmeleri bolup durýar – diýlip gutlagda beýan edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, depginli ösüşleri mähriban halkymyzy örän buýsandyrýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap özgertmeleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamalara laýyklykda innowasion tilsimatlara esaslanýan taslamalary giň gerim bilen durmuşa geçirmegi baş wezipe hasap edip, ony üstünlikli amala aşyrmakda bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, innowasion ösüş üçin şert döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki zamanyft ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurlup, ulanmaga berilýär we olarda halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümler öndürilýär. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär – diýlip hormatly Prezidentimiziň gutlagynda bellenýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow