Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Fransiýanyň Prezidenti türkmen Liderini V Aziýadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady
Syýasy habarlar
Fransiýanyň Prezidenti türkmen Liderini V Aziýadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady
Çap edildi 01.10.2017
1341

Size, hem-de Türkmenistanyň halkyna 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Siziň paýtagtyňyzda bu örän möhüm wakanyň geçirilmegi şol 11 günüň dowamynda Aşgabady Aziýanyň sport paýtagtyna öwrüp, yklymyň çäklerinden çykdy hem-de tutuş dünýäniň sport muşdaklarynyň ünsüni Türkmenistana gönükdirdi, tomaşaçylar bu oýunlar arkaly Türkmenistanyň tebigat gözelliklerini we mirasyny özleri üçin açdylar, şeýle hem onuň ýaşaýjylarynyň däp bolan myhmansöýerligini duýdular. Siz Okeaniýanyň 19 ýurdunyň we çäkleriniň wekiliýetlerini bu oýunlara gatnaşmaga çagyrdyňyz we şunuň bilen baglylykda, Ýuwaş ummanynda ýerleşýän ýurdumyza degişli iki çägiň-Fransuz Polineziýasynyň hem-de Täze Kaledoniýanyň türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Fransiýa Respublikasyna wekilçilik edendiklerini bellemäge şatdyryn. Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow