Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wahdat Sultan-zade: Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýanlygyny görkezýär
Syýasy habarlar
Wahdat Sultan-zade: Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýanlygyny görkezýär
Çap edildi 19.09.2017
1400

„Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrylan myhmanlaryň arasynda öz wekilçilik eden döwletleri bilen Türkmenistanyň arasynda ynanşykly gatnaşyklary ýola goýmaga we köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşan daşary ýurtly diplomatlar-da bar. Olaryň biri-de Azerbaýjan Respublikasiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wahdat Sultan-zadedir, ol biziň ýurdumyzda 2006-njy ýyldan başlap işläp ugrady, ilki geňeşçi, 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli azerbaýjan diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy bolup işledi. Şol ýyllarda tejribeli syýasatçy we diplomat, hoşgylyk we alçak bu adam türkmenistanlylaryň we kärdeşleriniň arasynda uly abraý gazandy, diplomatik korpusyň duaýeni diýlip ykrar edildi. Iki doganlyk ýurduň we halklaryň arasynda ynanaşmagy kemala getirmäge we özara gatnaşyklary berkitmäge goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň „Watana bolan söýgüsi üçin“ diýen medaly bilenem sylaglanyldy. -Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetiren döwrüm mende ýakymly täsirler galdyrdy we düşünjämi artdyrdy,---diýip Wahdat Mämmmedowiç söhbetdeşlikde aýtdy. –Maňa ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşi babatda taryhy işleriň durmuşa geçirilişiniň şaýady bolmak miýesser etdi. Türkmenisatanyň sazlaşykly ösüşi, ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen oňyn daşary syýasy başlangyçlary, onuň ýurtda ýokary netijeli sporty ösdürmäge we bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge uly üns bermegi, jemgyýetçilik aňynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça köpugurly işi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabady V Aziýa oýunlarynyň paýtagty diýip saýlamagyna getirdi. Şu uly möçberli sport baýramynyň Türkmenistanyň merjeni – ak mermere bürenen gözel Aşgabatda geçirilmegi tötänlik däldir, onuň binagärlik keşbinde milli mimarlygyň däpleri we döwrebap megapolisiň keşbi sazlaşykly utgaşýar. Golaýda Aşgabadyň doganlyk şäheri Azerbaýjanyň Baku şäherinde Yslam raýdaşlygy oýunlary örän ýokary derejede geçirildi, ol azerbaýjan halkynyň hoşmeýillidigini we myhmansöýerligini ýene bir gezek görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, men ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport baýramy arkaly dünýä bileleşigini Türkmenistan, onuň zehinli, zähmetsöýer, açyk we myhmansöýer halky, özboluşly taryhy-medeni mirasy, däp-dessurlary, medeniýeti, sungaty, kuwwatly ykdysady mümkinçiligi we uly üstünlikleri bilen tanyşdyrmak başlangyjyny parasatly hasaplaýaryn. Türkmenistanyň häzirki innowasion-tehnologik keşbi, ählumumy ruhubelentlik we dostluk ýagdaýy Olimpiýa hereketiniň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegidir. Aşgabat Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryna wekilçilik edýän türgenleri, şeýle hem dini garaýşyna, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan, bosgunlaryň toparyny-da jebisleşdirdi. Oýunlar sport hereketiniň umumydemokratik özenini, halkara hyzmatdaşlygynyň, özara düşünişmegiň we dostlugyň dabarlanmasyny görkezýär. Oýunlaryň dabaraly açylyşy mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ol türkmen halkynyň medeni we ahlak gymmatlyklarynyň , onuň baý taryhynyň, däp-dessurlara aýawly garaýşynyň we ösüşlere hyjuwlylygynyň beýany boldy. Özboluşly binalarynyň ikisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen sebitde iň iri köpugurly sport toplumy bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň türkmen sportunyň, onuň parahatçylyk dörediji wezipesiniň dabaralanmasy boljakdygyna berk ynanýaryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebap sport infrastrukturasyny döretmek, çagalar sportuny ösdürmek boýunça alyp barýan ajaýyp işleri türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine getirýär. Häzirki wagtda-da „Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdydyr“ diýen umumymilli şygar aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösýän häzirki türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň nyşanydyr. Men Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny BMG-nyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisiniň onuň başlangyjy esasynda „Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda“ Jarnamany kabul etmegi bilen gutlaýaryn. Bu çözgüt dünýä bileleşigi tarapyndan raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselesini çözmekde Türkmenistanyň ähmiýetiniň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. Gadymy grekler Olimpiýa oýunlaryny üç ýüz gezekdenem köp geçiripdirler. Grek miflerine laýyklykda Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Olimpiýa stadionyny Gerakl Zewsiň öz kakasy Kronosdan üstün çykmagynyň hatyrasyna bina edipdir. Ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we parasatly ýolbaşçylygynda bina edilen Olimpiýa toplumynyň Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda , şol sanda ynsanperwer ugurda gülläp ösmeginiň, şeýle-de dünýä sportunda ýokary netijeler gazanmaga ukyply, zehinli türkmen türgenleriniň geljekki ýeňişlerini aňladýanlygyna berk ynanýaryn. Bu gezekki Aziýa oýunlary ýurduň dünýä bileleşigine işjeň goşulýandygyny, geljekki yklym, dünýä derejesindäki sport we beýleki çärelerde şowly çykyşlaryň esasy boljakdygyny görkezýär—diýip, Wahdat Sultan-zade nygtady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow