Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Mejlisde ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiaki bilen duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Mejlisde ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiaki bilen duşuşyk geçirildi
Çap edildi 18.09.2017
1825

Şu gün Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Tokiodaky Olimpiýa, Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly wekili, ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň üstünlikli açylmagy mynasybetli Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministr Sindzo Abeniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny gazanmagyň ýolunda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler. Ýapon tarapy Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berilmegi bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy maslahatynda türkmen tarapynyň başyny başlan Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Belent ynsanperwer resminamany goldan ýurtlaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýa jarnama boýunça awtordaşlar hökmünde çykyş etdiler, bu bolsa adam hukuklary babatda türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünliklerini tassyklaýar. Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy bellenildi. Ýaponiýanyň ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de geljekde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan edildi. Işjeň ösdürilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasy bolup, onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirildi. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk babatda özara peýdaly tejribe alyşmagy höweslendirmek barada pikir alyşdylar. Ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň alyp barýan işleri hem şoňa ýardam etmelidir. Bellenilişi ýaly, bu düzümiň döredilmegi döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesiniň netijesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Ýaponiýanyň parlamentarileriniň uzakmöhletleýin geljek üçin türkmen döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşant goşmagaçalyşmagynyň beýany bolup durýar.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow