Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 17.09.2017
2011

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyza ýene-de gelip görmäge hem-de yklymlaýyn iri sport ýaryşlaryna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin örän şatdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň dürli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda abraýly halkara guramalary hem-de düzümleri bilen ýygjam hereket edýändigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman GDA-nyň çäklerinde deňhukuklylyk, uzakmöhletleýinlik hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu düzümiň assosirlenen agzasy bolan Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Biz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem GDA-nyň giňişliginde netijeli ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga mundan beýläk-de işjeň ýardam bermegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Myhman Aşgabatda geçirilen sebit we halkara ähmiýetli maslahatlara taýýarlyk görlende Türkmenistanyň öz wezipesini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli, başlangyçlar bilen çemeleşýändigini belläp, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de dünýäde uly seslenme döretjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Aşgabat oýunlarynyň netijeleriniň, şol sanda sport ulgamynda Arkalaşygyň halklarynyň we ýurtlarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän köptaraply, däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow