Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi
Syýasy habarlar
Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi
Çap edildi 17.09.2017
1291

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Irakli Kobahidzeniň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýurduň deputatlar düzüminiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň mähirli salamyny hem-de iri sport ýaryşlarynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykan gutlaglaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlar aýdyldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, gruzin parlamentarileri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup görmäge şatdyr, Türkmen döwleti dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna girdi hem-de sport döwleti hökmünde öz kuwwatyny ynamly äşgär edýär. Amala aşyrylýan giň özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmekde Mejlisiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri bolup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirmek onuň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň milli parlamentleri bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanunçykaryjy düzümleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi, munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meýilnamalary, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmek babatda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hyzmat eder. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag pudaklary görkezildi. Bu ugurlarda sebitara gatnaşyklary hem-de dünýä bazarlaryna çykmak, biziň ýurtlarymyzyň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa giňişligindäki döwletler bilen hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däbe öwrülen özara gatnaşyklaryň orny, bu ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow