Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda pikirlerini aýtdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda pikirlerini aýtdylar
Çap edildi 17.09.2017
1456

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli uly dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler. Goňşy ýurduň Baştutany mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kärdeşini Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän halkara sport forumynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Belent mertebeli myhman badalga alýan ""Aşgabat 2017"" oýunlarynyň parahatçylyga, dostluk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde işjeň we oňyn hyzmatdaşlyk etmäge açyklygynyň nusgasyny görkezýän örän uly taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigini nygtap, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwer maksatlaryna ýetmekde türkmen Lideriniň aýratyn şahsy goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Nursultan Nazarbaýewe minnetdarlyk bildirdi we ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Munuň özi abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de dünýä möçberli we sebitleýin esasy meseleler boýunça özara düşünişmek üçin oňat esas bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanyň hem, Gazagystanyň hem çemeleşmeleri gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman suw-ekologiýa meselelerini çözmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan uly işlerine ýokary baha berdi. Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek, işewür, ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda pikirlerini aýtdylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna bolan resmi saparynyň hem-de şu ýyl geçirilen “EKSPO-2017” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň paýtagtynda bolmagynyň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berlendigini nygtady. Milli Liderler energetika we ulag ýaly strategiki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň örän uly kuwwatyny kanagatlanma bilen nygtap, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini döretmek—Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň çekilmegi boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler. Bu häzirki zaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň möhüm bölegine öwrülýär hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredip, uzakmöhletleýin geljek üçin sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamda, şol sanda medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan özara hereketleriň çuňlaşdyrylmagy, bu ulgamlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de tejribe alyşmak babatda pikirlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow