Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 17.09.2017
1398

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Türkmen Lideri hem-de Russiýanyň iri sebitiniň baştutany mähirli görşüp, Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Tatarystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Aşgabat2017” oýunlarynyň başlanmagy bilen gutlap, bu giň möçberli wakanyň biziň ýurdumyza gyzyklanmanyň mundan beýläk-de artmagyna, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmen Baştutanynyň sport ulgamynda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty eýýäm oňyn netijelerini berýär: türkmen sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy, Türkmenistan iri möçberli halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bularyň ählisi Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň örän ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, gadymdan gelýän, iki halkyň medeni we ruhy umumylygyna daýanýan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen oňyn döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alyşmalar boldy, taraplar dürli ugurlar boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, syýahatçylyk we sport ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyga, ylym we bilim merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk Tatarystan üçin möhüm ähmiýete eýedir, bu ýerde türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan hem-de ählumumy ösüşe, parahatçylyga we ykdysady taýdan abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de doly goldanylýar.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow