Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşar
Syýasy habarlar
Hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşar
Çap edildi 08.09.2017
1423

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow habar berdi. DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara düzümler, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny belledi. Wise-premýeriň sözlerine görä, Türkmenistan öňde boljak maslahatyň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň goralmagyny ileri tutar, terrorçylyga garşy göreşmekde, kiber-howpsuzlygy üpjün etmekde, öňüni alyş diplomatiýasynda, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürer, ykdysadyýet, energetika, ulag, sport, ekologiýa we beýlekiler babatda gatnaşyklary giňelder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň strategiki häsiýetini nygtap, Aşgabatda hereket edýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigini belledi. “Açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan ýurdumyz ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkarar etmek maksady bilen,halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini tassyklady. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň öňde boljak forumyna Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we berkitmek işinde BMG-niň öňdäki ornuny ykrar etmek, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibinde kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek işinde ähmiýetli tapgyr hökmünde garaýandygy bellenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow