Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 25.08.2017
1403

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýewi kabul etdi. Ilçi duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine beren ýardamy, diplomat hökmünde öz işinde hemişe duýan oňyn goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýtdy. Gazagystanyň Doly ygtyýarly wekiliniň nygtaýşy ýaly, onuň ýurdunda türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilen ösüşlere beslenen syýasata hem-de öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlara ýokary baha berilýär we olar goldanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli goňşular, şol sanda ýurdumyzy çuňňur taryhy kökler, iki doganlyk halkyň ruhy gatnaşyklary we däp-dessurlary baglanyşdyrýan Gazagystan bilen dostlukly aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Türkmenistan tarapyndan aýratyn üns berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, alyp baran netijeli işleri hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Orman Nurbaýewe minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da öňe ilerletmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýazynda Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol sapar iki ýurduň gatnaşyklarynyň hemme ugurlaryna täze depgin berdi. Döwlet Baştutanymyz we Gazagystanyň Doly ygtyýarly wekili iki ýurduň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine doly kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Ilçi mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmenistanlylara öňde boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw etdi. Diplomatyň nygtaýşy ýaly, bu diňe bir dünýä sport giňişliginde däl, eýsem, syýasy dünýäde-de uly wakadyr. Ýaryşlara 60-dan gowrak döwletden türgenler gatnaşar hem-de tutuş dünýä Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini gözleri bilen görüp biler. Munuň özi meniň ýurdum bolan Gazagystany hem goşmak bilen, tutuş sebitimize mundan beýläk has-da öňe ilerlemek üçin oňat halkara çäresi bolar diýip, Orman Nurbaýew aýtdy. Gazagystanyň ilçisi hoşlaşmak bilen, öz ýurdunyň diplomatik işlerini üstünlikli alyp barmakda beren kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. “Men bäş ýyl işlän hem-de bu ýerde bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalaryň we ýurduňyzyň ägirt uly taryhy üstünlikleriniň şaýady bolan ýurdum Türkmenistany hemişe çäksiz mähir bilen ýatlaryn” diýip, Orman Nurbaýew aýtdy hem-de milli Liderimize hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň meýilleşdirilen hemme uly maksatnamalarynyň hem-de wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow