Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ildeşlerimizi Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ildeşlerimizi Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady
Çap edildi 17.08.2017
1871

Döwlet baştutany oba hojalyk işgärlerine we ildeşlerimiziň ählisine baýramçylyk gutlagyny iberip, hususan-da: «Biz ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklar bilen bir hatarda iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalýyn işleri durmuşa geçirýäris hem-de bu ugurda zerur çözgütleri kabul edýäris - diýip belledi. Biziň oba hojalygydaky esasy maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekden hem-de ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakjaçy babadaýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär hem-de olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär. Güneşli Diýarymyzyň sahawatly sähralarynda, bereketli ýaýlalarynda türkmen gawunynyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi örän buýsançlydyr. Bu datly tagam desterhanlarymyzyň we ekerançylyk önümlerinden doldurylýan bazarlarymyzyň bezegidir. Şirin-şeker gawun-garpyzlarymyzyň öndürilişini artdyrmakda, täze görnüşlerini döretmekde ýadawsyz iş alyp barýan ussat bakjaçylarymyzyň we ekerançy alymlarymyzyň bitirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Datsaň tagamy uzak wagtlap agzyňdan gitmeýän bal ýaly türkmen gawunlary barada meşhur alymlaryň, syýahatçylaryň we taryhçylaryň ýazgylary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Taryhy ýazgylardan belli bolşy ýaly, ýurdumyz örän gadymy döwürlerden bäri behişdi nygmat bolan gawunlaryň watany hasaplanyp gelipdir. Häzirki döwürde bakjaçylyk ylmynyň gorunda dünýä boýunça hasaba alnan gawunlaryň ýüzlerçesiniň türkmen topragynyň datly nygmatydygyna, merdana halkymyzyň ekerançylyk mirasy bolan milli türkmen gawunlarydygyna buýsanýarys. Gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragynda bakjaçylygyň täze belentliklere göterilmegi üçin daýhanlara döwletimiz tarapyndan hemişe hemmetaraplaýyn goldaw berler».

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow