Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 16.08.2017
1486

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurtlar, şol sanda Russiýanyň kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän möhüm türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň has-de ilerlemegine “Areti” kompaniýasynyň goşandy bellenildi. Ýurdumyz bu ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Myhman daşary ýurt işewürleri üçin amatly şertleriň üpjün edilen türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny belläp, alyp barýan işleri barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Şeýle hem ol bar bolan tejribäniň esasynda we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Işewüriň belleýşi ýaly, tutuş dünýäde Türkmenistanyň döwrebap ösüşine we ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň gerimine, şol sanda türkmen sportunyň ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edilýär. Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherjiginiň ajaýyp desgalarynyň dünýä derejesine eýe bolmagy guwançly ýagdaýdyr. Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň gerimine haýran galýandygyny belläp, myhman “Aşgabat 2017” taslamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi. Giň möçberli wakalar halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini, dostluk we işewür gatnaşyklaryň berkidilmegini, sebitde we dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirer. Duşuşygyň ahyrynda “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özüne ynanylan taslamalary ýerine ýetirmekde buýrujylaryň islegleriniň hemişe nazarda tutuljakdygyna, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy hem-de özara peýdaly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigini nygtady.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow