Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bakuda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler başlandy
Syýasy habarlar
Bakuda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler başlandy
Çap edildi 08.08.2017
1385

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy. Ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan gepleşikleri iki lideriň ikiçäk duşuşygy bilen başlandy. Gepleşikleriň gün tertibine halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn söwdanyň meöberlerini artdyrmak, bilelikdäki energetika we ulag--üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri boýunça pikir alyşmak we medeni-ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit hem-de halkara meselelerine aýratyn üns bererler. Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge ýardam berýän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow