Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar
Çap edildi 08.08.2017
1396

Bakuda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Artur Rasizadeni kabul etdi. Azerbaýjanyň hökümetiniň ýolbaşçysy milli Liderimizi mübärekläp, döwlet Baştutanymyzy ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu gezekki sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýolunda nobatdaky wajyp tapgyr hökmünde baha berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Hökümetiniň baştutany ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga bolan çemeleşmeler, energetika we ulag-üstaşyr ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we beýlekiler barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, ylym, medeniýet, habarlar, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň premýer-ministrini 17-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow