Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar
Syýasy habarlar
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar
Çap edildi 07.08.2017
1624

8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrýan resmi sapary başlanýar. Bakuda ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar. Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň çäklerinde özara bähbitleri hem-de milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny nazarda tutup, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň usullaryny işläp taýýarlamaga uly üns berler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan kuwwatly tebigy-serişde mümkinçiligine, şol sanda ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýedir, bu hem strategik taýdan möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin uly geljegi açýar. Iki goňşy döwletiň geografik taýdan ýerleşişi hem Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan, ýükleri üstaşyr geçirmegiň has amatly gury ýer we deňiz gatnawlaryny hem-de olaryň halkara logistika düzümlerine goşulyşmagyny üpjün edýän, häzirki zaman transkontinental aragatnaşyk geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde tagallalary netijeli birleşdirmek üçin oňaýly ýagdaýlary döredýär. Özara hereket etmegiň täzk ugurlaryny kesgitlemekde hem-de işewür aragatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna, şeýle hem işewür düzümlere ähmiýetli orun berilýär. Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek, deňziň hukuk derejesiniň tiz kesgitlenilmegi taraplaryň ikisi üçin hem örän möhüm bolup durýar. Bu meselelere kenarýaka döwletleriň ählisi gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň ikisi hem däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryna, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklara, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynda özara hereket etmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýärler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleriniň boljak duşuşygy taraplaryň tagallalary netijesinde barha depginli we netijeli häsiýete eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrülmegine gönükdirilendir. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow