Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Kabul şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Kabul şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi
Çap edildi 24.07.2017
1384

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Beýik Biribardan sabyr-takat diläp, ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Gudraty güýçli Allatagalanyň Owganystanyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bermegini dileg etdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow