Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.07.2017
1273

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kemal Muftiçden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan daşary ýurtly myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bosniýa we Gersegowinanyň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iberen arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiziň amala aşyrýan ugry bilen baglylykda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimine, döwlet syýasatynyň durmuş ugurlylygyna aýratyn üns berildi. Ilçi Mejlisiň düzümi hem-de köptaraplaýyn işi, ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmeleri babatda onuň eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Jenap Kemal Muftiç, öz nobatynda, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we dünýä ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň bütin dünýäde bolşy ýaly, Bosniýa we Gersegowinada hem uly hormata eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, doly ygtyýarly wekil öz ýurdunyň türkmen döwleti bilen söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň ugry boýunça, şol sanda syýahatçylyk hem-de sport ulgamynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Atçylyk ulgamynda tejribe alyşmak ýaly ugurda hem hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şu ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. *** Şol gün hem Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
top-arrow