Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
Çap edildi 07.07.2017
1734

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi: Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Alladurdy Ataýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesine ozal Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Aşyr Garaýew bellenildi. Muhammetguly Muhammedow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň maliýe ministri wezipesinden boşadyldy. Häzirki wagta çenli maliýe ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Goçmyrat Myradow maliýe ministri wezipesine bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, işde goýberen düýpli kemçilikleri hem-de ýolbaşçy hökmünde özüni abraýdan düşürendigi üçin Çary Ataýew gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bu ministrligiň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Çaryýar Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow