Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylda biziň baş maksadymyza ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimleriň ädilendigini bellemek isleýärin. Bu maksat mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakdan ybaratdyr. Biziň daşary syýasatymyz üýtgewsiz dowam edýär. Bu syýasat häzirki döwürde hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Dünýäde energetika howpsuzlygyny gazanmak, ekologiýa meselelerini çözmek hem-de ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglydyr. Bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmegi, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, ählumumy howpsuzlygy berkitmegi üpjün etmäge degişlidir. Içeri syýasat babatda aýdylanda bolsa, biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy we döwlet düzümleriniň üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artýar. Ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda önüm öndürmekde we hyzmatlary etmekde gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa jemi içerki önümiň ösüşini 6,4 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi. Döwlet býujetiniň girdejileri hem artdy. Bu bolsa, netijede, ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterime çenli köpeltmäge mümkinçilik berdi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny giň gerim bilen alyp barýarys. Häzirki döwürde umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Biziň milli gurluşyk kompaniýalarymyzyň gurýan desgalarynyň sanynyň barha artýandygy aýratyn guwandyrýar. Meniň belläp geçişim ýaly, häzir ýurdumyzda jemi gurulýan 1900 desganyň 1800-e golaýynyň gurluşygyny öz gurluşykçylarymyz alyp barýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda biz iri desgalaryň 59-syny işe girizdik. Umumy meýdany 632 müň 500 inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Bu gurluşyklaryň umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna golaýlaýar. Işe girizilen desgalarda köp sanly täze iş orunlary döredildi. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul eden Döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl biziň üçin aýratyn ýyldyr. Ýakyn wagtda ýurdumyzda V Aziýa oýunlary, şeýle hem birnäçe möhüm halkara çäreler geçiriler. Şoňa görä-de, siziň ähliňiziň, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ikinji ýarym ýylda öňüňizde duran esasy wezipeler şulardan ybaratdyr: R.Meredow, şu wezipelere laýyklykda, V Aziýa oýunlaryna halkara guramalaryň gatnaşmagy boýunça çäreleriň anyk meýilnamasyny häzirden taýýarlamaly. Göz öňünde tutulan birnäçe iri halkara maslahatlara hem gowy taýýarlyk görmeli. Ýylyň ahyryna çenli olary ýokary derejede geçirmeli. Bular Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady maslahat, şu ýyl ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň konferensiýasyna başlyklyk etmegi, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni bilen bagly çärelerdir. Şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň beýleki döwletlere boljak saparlaryna, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetlerini ýurdumyzda kabul etmäge gowy taýýarlyk görmeli. Beýleki syýasy we guramaçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmeli. B.Hojamämmedow, ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary! Ýaňy-ýakynda siziň adyňyza edilen tankydy belliklerden dogry netije çykarmaly. Makroykdysady dolandyryşy gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Maliýe we bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmeli. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak, hususylaşdyrmak boýunça işleri talabalaýyk alyp barmaly. Üpjünçilik, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýmaly we täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet haklaryny mundan beýläk-de artdyrmagy üpjün etmeli. Kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçilik etmelidigine, bellenen çäreleri göz öňünde tutulan möhletlerde ýerine ýetirmelidigine siziň aýratyn ünsüňizi çekmek isleýärin. A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, häkimler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary! Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň üstünde häzirden işläp başlamaly. Döwlet býujeti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny we abadançylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmagy doly derejede üpjün eder ýaly bolmalydyr. B.Hojamämmedow, geljek ýylyň Döwlet býujetinde her bir etrapda we şäherde, gaýtalap aýdýaryn, her bir etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hökmany tertipde göz öňünde tutmaly. Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge-de gowy taýýarlyk görmeli. Biz şu ýyl Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli Ahal welaýatynda geçirmegi göz öňünde tutýarys. Maslahatda geljek 2018-nji ýylda öňümizde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. S.Toýlyýew, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri! Okuw ýylynyň başlanmagyna çenli täze mekdepleriň ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmeli. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň binalarynda we orta mekdeplerde abatlaýyş işlerini geçirmeli. Şonuň ýaly-da, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny ýokary derejede geçirmeli. Ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilen döwründe ilatyň saglygyny berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeler geçirildi. E.Orazgeldiýew, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmaly. Häzirki döwürde galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Gallanyň ýygnalan möçberi döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Onuň özümizden artýan bölegini bolsa daşary ýurtlara eksport ederis. Meýdanlarda gowaçanyň hem oňat hasyly ýetişdirilýär. Ýurdumyz üçin bu ekiniň möhümdigini göz öňünde tutup, gowaça hasylyny ýetişdirmek boýunça zerur bolan ähli agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmeli. Ýetişdirilen ýokary pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin tehnikany häzirden ýygym möwsümine doly taýýar etmeli. Ýurdumyzda biologiýa barlaghanalaryny giňden döretmegiň, häzirki zaman suw tygşytlaýjy ulgamlary, ýagyşlaýyn we damjalaýyn usulda suwarmagy giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna siziň ýene-de bir gezek ünsüňizi çekmek isleýärin. Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamany durmuşa geçirmäge hem aýratyn üns bermeli. D.Amangeldiýew, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary! Welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri! Ýurdumyzda desgalary hem-de binalary ýokary hilli gurmagyň we öz wagtynda ulanmaga bermegiň zerurdygyna siziň ünsüňizi ýene-de bir gezek çekmek isleýärin. Şäherlerdäki we obalardaky, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki ýollary, ýaşaýyş jaý gorlaryny, seýilgähleri we seýilbaglary talabalaýyk saklamaly. Täze okuw ýylyna, V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna hem-de Bitaraplyk gününe çenli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygyny hökmany ýagdaýda bellenen möhletlerde tamamlamaly. Mundan başga-da, 2018-nji ýylda gurulmaly desgalaryň maksatnamasynyň üstünde häzirden işläp başlamaly. Maksatnamada ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmaga, ozalkysy ýaly, uly üns bermeli. Şoňa görä-de, siz 2018-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyny Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda seretmek üçin hödürlemeli. Bu maksatnama üçin ähli çykdajylary geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmaly. M.Aýdogdyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, toplumlaryň ýolbaşçylary! Biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny hem-de bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmek we täze iş orunlaryny guramak boýunça gowy Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarladyk we kabul etdik. Emma, gynansak-da, bu maksatnamalaryň hiç biri hem häzire çenli doly möçberde ýerine ýetirilmeýär. Häzir biz bu ugurda ýol berlen kemçilikleri çalt düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmelidiris. Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow! Siz kabul edilen şu maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerini barlaň-da, ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu barada hasabat beriň! Biz önümçilik pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmeli. Gowy zähmet haky tölenýän, oňat bilimli işgärleri talap edýän täze iş orunlaryny döretmeli. Ýurdumyzyň çäklerinden daşarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmeli. A.Garajaýew, Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň we telewideniýäniň ýolbaşçylary! Siz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-tehniki binýadyny doly möçberde we netijeli ulanmaly. Biziň emeli hemramyz arkaly halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we taryhyny giňden beýan etmeli. Örän möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrýan ägirt uly işlerimiziň düýp mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezmeli. Bu maksatnamalar döwletimiziň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Maksatnamalar, hususan-da, galla, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa garaşsyzlygyny üpjün etmäge niýetlenilýär. Ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, bu pudaklary öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny işe girizmek göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmeli. Zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmaly hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmaly. Ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeli. «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigini ýokary derejede geçirmeli. Şeýle hem V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna gowy taýýarlyk görmeli hem-de teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamaly. Teatrlarda täze oýunlary goýmaly. Biziň merdana halkymyzy wasp edýän ajaýyp eserleri we aýdymlary döretmeli. M.Babaýew, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary! Siz toplumda guramaçylyk işleri bilen bagly meseleleri çaltrak çözmeli. Toplumyň düzüm birliklerini amatly ýagdaýa getirmek, onuň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça şu gün kabul edilen çözgütler bu ugurdaky işiň diňe bir bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, toplumyň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça işi dowam etmeli. Dolandyryş ulgamynda artykmaçlyklary aradan aýyrmaly we pudak edaralarynyň arasynda emele gelen maliýe ýagdaýlaryny düzgünleşdirmeli. Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdymak boýunça işleri hem dowam etmeli. Şu maksat bilen, gaz we nebit geçirijileri ýokary hilli gurmaly. Nebitiň we gazyň täze ýataklaryny açmaly. Şeýlelikde, nebitgaz toplumynyň takyk we netijeli işlemegini gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. B.Annameredow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Siz şu ýylyň ikinji ýarymynda köp işleri etmeli. Ýurdumyzda aragatnaşyk serişdelerini, aýratyn-da, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmeli. Önümçilige täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny ornaşdyrmaly. Biziň emeli hemramyzyň ulanyş gerimini mundan beýläk-de giňeltmeli. Şeýle hem pes orbitada hereket edýän ikinji emeli hemrany uçurmak meselesiniň üstünde işlemeli. Siz ähli ugurlar boýunça işgärleri taýýarlamak, halkara güwänamalary almak meselelerine hem üns bermeli. Tomus pasly dowam edýär. Ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmagyň möçberi artýar. Şoňa görä-de, siziň gözegçilik edýän pudaklaryňyzda müşderilere we ýolagçylara hyzmat etmegiň, aýratyn-da, demir ýol we howa ulaglarynda hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaly. O.Gurbannazarow, söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary! Ilaty ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça işi dowam etmeli. Eksportyň möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek häzirki döwürde siziň esasy wezipeleriňiziň biri bolup durýar. Biz geljekde hem telekeçilerimizi giňden goldamak syýasatyny dowam ederis. Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Şu günki çykyşymy tamamlamak bilen, men 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmelidigimizi bellemek isleýärin. Şol gün birnäçe saglygy goraýyş merkezlerini açyp, ulanmaga bermegi hem göz öňünde tutýarys. Umuman alanyňda, geçen ýarym ýylda gazanan netijelerimiz erbet bolmady. Şuny göz öňünde tutup, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şenbe hem-de ýekşenbe günleri alty aýyň jemlerine bagyşlanan maslahatlary we mejlisleri geçirmegi tabşyrýaryn. Siziň ähliňize 10-njy iýuldan — 1-nji awgust aralygynda dynç almaga rugsat berýärin. Siz “Awazadan” başga-da, ýurdumyzyň Arçman, Ýylysuw we beýleki şypahanalarynda dynç alyp, öz saglygyňyzy berkidip bilersiňiz. Ýöne, eýýäm belläp geçişim ýaly, biziň, esasan, Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmelidigimizi ähliňize ýatlatmak isleýärin.