Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 06.07.2017
1450

Türkmenistanyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda resmi taýdan gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli halklarymyzyň arasyndaky öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar, geçen çärýek asyryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilýändigi üçin çäksiz hoşallygymy bildirýärin. Biziň Maliýe ministrliklerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça özara düşünişmek hakynda ýakynda gol çekilen Ähtnama hem üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyllaryň içinde köp zat gazanyldy, emma hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmek üçin mümkinçilikler bar. Hususan-da, bu babatda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bardyr. Türkmenistan we Şweýsariýa Bitaraplyk taryhynda umumy zatlara eýedir. Şonuň üçin biz diňe ýurtlarymyzyň garaşsyzlygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek babatda däl-de, eýsem, adalatly we oňyn dünýä tertibine goşant üçin hem aýratyn jogapkärçilik çekýäris. Biziň döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirip biljek ugurlarynyň biri hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmakdyr. Suw bilen bagly meseleler diňe adamlar we daşky gurşaw üçin däl-de, eýsem, dünýä möçberindäki howpsuzlyk üçin hem wehim bolup durýar. Şweýsariýa suw diplomatiýasynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu ugurdaky meseleler, çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlaryny jebisleşdirmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Sizi Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen gutlaýaryn hem-de sebitde suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça gepleşiklere ýardam etmekde Siziň netijeli wezipäni ýerine ýetirýändigiňiz üçin hoşallyk bildirýärin. Sport oýunlary we ýaryşlary hem ynanyşmak hem-de raýdaşlyk ruhunda halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şonuň üçin Sizi 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen gutlaýaryn hem-de bu ajaýyp wakanyň Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň artmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Size hem-de türkmen halkyna dostluk duýgulary bilen ähli gowulyklary arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow