Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2017
1393

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary—Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Medwedewiň milli Liderimiize we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sergeý Prihodko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlik arzuw etdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutanynyň orunbasary türkmen Liderini biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy—Aleksandr Newskiý ordeni bilen gutlady. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli türkmen Liderini gutlady. Russiýanyň ýokary ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz öz işine berlen şeýle ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz iki halkyň düýp bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň pugta binýady esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýeten derejesini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Russiýanyň wise-premýeri netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we beýleki möhüm ugurlardaky döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, milli Liderimiz we myhman medeni-ynsanperwer, şol sanda ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek hakynda aýtdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň alyp barýan işi söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine ýardam berýär. Bu düzümiň geçirýän mejlislerinde gazanylan ylalaşyklar köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine oňyn täsir edýär. Duşuşygyň ahyrynda Russiýanyň wise-premýeri öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan we tabşyrygy boýunça deňhukukly, birek-birege ynanyşmak we ikitaraplaýyn bähbitlere hormat goýmak esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow