Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2017
1295

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy 60 ýaş toýy bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şol syýasat bolsa Türkmenistana hem-de onuň Liderine uly halkara abraýyny getirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglary hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn esasda hem-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki halkyň köp asyrlyk dostlugyna hem-de ruhy taýdan umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine üns berildi. Söhbetdeşler iýun aýynda Täjigistanyň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, medeni we döredijilik alyşmalarynyň özara peýdaly tejribesini dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmoni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy we täjik Lideriniň hemişe ýurdumyzyň arzyly myhmany boljakdygyny aýtdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary birek-birege iň gowy arzuwlarny beýan edip, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow