Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 29.06.2017
1340

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň wise-premýer-ministri, sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi. Duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlady. Şeýle hem ol milli Liderimize berk jan saglyk, täze taryhy eýýamda ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdi. Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin we özara peýdaly gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda däp bolan we soňky ýyllarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryna degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Uzakmöhletleýin türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz we Ukrainanyň wise-premýer-ministri möhüm ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain Hökümetara toparynyň orny, köpugurly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ynanyşmak, özara peýdaly esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine, iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow