Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2017
1261

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassykladylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýaş toýy bilen mähirli gutlap, türkmen Liderine berk jan saglyk, uzak bagtyýar ömür, ýokary döwlet wezipesindäki köptaraply işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda goňşy döwletleriň Baştutanlary strategiki häsiýete eýe bolan hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň asyrlardan gelýän ýörelgelerinden, häzirki döwrüň hem-de sebitdäki we dünýäde ýagdaýlary nazara alyp, ýola goýulýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Taraplar Aşgabatda hem-de Türkmenbaşy şäherinde ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gepleşikler mahaly gazanylan hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara düşünişmegiň täze derejesine çykmaga mümkinçilik beren ylalaşyklaryň we geljegi uly meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini bellediler. Iki ýurduň Baştutanlary hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni umumylygyna daýanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryna hemişe mahsus bolan ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we has-da ösdürmäge amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şeýle hem ylym-bilim we medeni gatnaşyklary has-da höweslendirmek, sport we syýahatçylyk ulgamynda hereketleri giňeltmek babatda pikir aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga özbek kärdeşini çagyrýandygyny tassyklady hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň Aşgabada saparynyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da üstünlikli ösdürmäge täze itergi berjekdigine, halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler ilki başdan hoşniýetli erk, netijelilik, deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýan hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň we doganlygyň mizemez ýörelgelerine daýanýan türkmen-özbek gepleşikleriniň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow