Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň duşuşygy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň duşuşygy
Çap edildi 29.06.2017
1345

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman Türkmenistanyň Baştutany bilen mähirli görşüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýaş toýy bilen gutlady we berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de bellenilen ähli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde täze üstünlikleri, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Rustam Minnihanowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Tatarystan üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýurtda türkmen Lideri tarapyndan ählumumy rowaçlyga, parahatçylyga we ykdysady taýdan gülläp ösüşe gönükdirilip, alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasata ýokary baha berilýär we ol doly goldanylýar. Hormatly Prezidentimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, gadymy taryhy aragatnaşyklara iki halkyň medeni we ruhy umumylygyna daýanýan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gepleşikleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Prezident Rustam Minnihanow Aşgabatda ýene-de bolmaga mümkinçilige örän şatdygyny nygtap, Tatarystanyň Türkmenistana ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Häzirki tapgyrda özara hereket etmegiň toplanan uly tejribesi hem-de onuň köptaraply mümkinçiligi gatnaşyklaryň esasynda goýuldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda dürli ugurlarda üstünlikli amala aşyrylan birnäçe taslamalar jemlendi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Türkmen önümlerini Kazana, şeýle hem Tatarystan Respublikasynda öndürilýän tehnikalary Türkmenistana ibermegi giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýan medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin bar bolan giň mümkinçilikler nazara alnyp, ylmy we okuw-bilim merkezleriniň arasynda özara hereketleri giňeltmek barada teklip aýdyldy. Sport ulgamy 2017-nji ýylyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde agzaldy. Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň egsilmezdigini ýene-de bir gezek ngygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow