Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy V Aziada bagyşlandy
Medeniýet
Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy V Aziada bagyşlandy
Çap edildi 25.06.2017
3151

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna hem-de sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyldy. Irden “Altyn asyr” seýilgähinde guralan “Aziada-Arkadagyň serpaýy” atly çäre ruhubelentligiň we sportuň baýramçylygyna güýç berdi. Görkezme çykyşlarynda sportuň dürli görnüşleri ýerine ýetirildi. Aziýa oýunlary baradaky mesele Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan sergide öz beýanyny tapdy. Bu ýerde neşirýat önümleriniň hem-de öňde boljak sport forumyna bagyşlanan fotosuratkeşleriň işleriniň örän köpdürlüsi görkezildi. Kitap sergisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine, şol sanda medeniýet we sungat ulgamyna degişli “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Ahalteke bedewi --biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler” diýen eserlerine, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplaryna hormatly orun berildi... Bu kitaplaryň her biri şu günki Türkmenistana düşünmäge özboluşly açary özünde jemleýär, milli medeniýetiň we halk däpleriniň baý dünýäsi boýunça ugur görkeziji bolup durýar. Geçen ýyl Garşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň öň ýanynda çapdan çykan “Parahatçylyk sazy, dostluk we doganlyk sazy” diýen kitapda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üsti bilen halkymyzda meşhur sazandalaryň biri Şükür bagşy barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eserinde bu köptaraply keşbi açyp görkezip, onuň özenindäki parahatçylyk döredijilik pikiriniň umumadamzat mazmunyny nygtaýar. Bu barada Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde we şonuň esasynda Bulat Mansurowyň düşüren kinosynda döredijilikli beýan edilýär. Bular barada “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde şöhratly çeper filmiň görkezilmeginiň öňüsyrasynda tomaşaçylar bilen bolan duşuşykda bu ýurdumyzyň kinosungatynyň wekilleri öz çykyşynda belläp geçdiler. Nebitgaz toplumynyň “Galkynyş” medeni işewürlik merkezinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinden halk sazandalaryny birleşdiren bagşylaryň “Şabram şelpeler, şirin nagmalar” konserti sungatyň parahatçylyk döredijilikli maksady baradaky gürrüňleriň özboluşly dowamy boldy. Oňa halkymyzyň asyrlaryň çuňlyklaryna aralaşyp gidýän aýdym-saz sungatyny tüýs ýürekden söýýändigini ussatlarça görkezen şöhratly bagşylar, türkmen halk sazlarynyň ýerine ýetiriliş däplerini ösdürýän ýaş sazandalar gatnaşdylar. Döredijilik forumynyň nobatdaky güni “Aşgabat” aýdym-saz merkezindäki uly konsert bilen tamamlandy. Konsertde paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow