Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýurdumyzyň Baş muzeýi öz gymmatlyklary baradaky täze neşir bilen tanyşdyrdy
Medeniýet
Ýurdumyzyň Baş muzeýi öz gymmatlyklary baradaky täze neşir bilen tanyşdyrdy
Çap edildi 24.06.2017
2689

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde medeni mirasy gorap saklamagyň meselelerine bagyşlanylan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde “Milli mirasyň hazynasy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki täze neşir Döwlet muzeýiniň gaznasyna owadan öwüşginli syýahata çagyrýar. Onuň maglumatlar bölüminiň başlangyç çykyşynda milli mirasymyzy gorap saklamakda muzeýleriň orny beýan edilýär. Kitabyň mazmuny dört bölüme bölünip, olar Türkmenistanyň gadymy taryhy baradaky maglumatlar, Marguş döwletiniň gymmatlyklary, Parfiýa döwleti we orta asyr döwrüne degişli gymmatlyklar bölümlerinden ybaratdyr. Giňişleýin maglumat we aýdyň fotosuratlar, her bir reproduksiýa, topografiki infografika, kartalar we çyzgylar bu kitap arkaly şol döwre gyzykly syýahaty gurnaýar hem-de şol bir wagtda, seýrek duş gelýän gymmatlyga öwrülen köne serişdeler we neşire girizilmedik ýene ençeme beýlekiler öz gözüň bilen görmäge çakylyk bolup durýar. Maslahata Medeniýet ministrliginiň şäher we welaýat muzeýleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, kitaphana hem-de jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow