Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-de BMG bilen hyzmatdaşlyk babatyndaky duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-de BMG bilen hyzmatdaşlyk babatyndaky duşuşyk
Çap edildi 21.06.2017
1514

Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy-Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ý.Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň syýasy meseleler baradaky geňeşçisi A.Tolstuhin, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa BMG-niň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň Merkezi Aziýada goşulyşmak we durnukly ösüş, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri, Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýeti, täze görnüşde gaýtadan dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän orny barada pikir alyşmalar boldy, onuň ykdysady ugurlary, BMG-niň Çagalar gaznasynyň çaganyň ösmegi üçin durmuş şertlerini döretmek boýunça alyp barýan işleriniň ugurlary, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşýan goşandy ara alyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Şunda taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa Aşgabatda 13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda uly üstünlik bilen geçirilen gepleşikler hem aýdyň şaýatlyk edýär, gepleşikler Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow