Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: halkara gepleşikleri – ykdysady ösüşiň möhüm bölegi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: halkara gepleşikleri – ykdysady ösüşiň möhüm bölegi
Çap edildi 20.06.2017
1554

Türkmen paýtagtynda «Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy - 2017» atly köpugurly sergi açylýar. Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Döwlet baştutanymyz köpugurly serginiň açylmagy bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýaryn diýip belledi. Türkmenistan häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýän, iň täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, ýokary tehnologiýaly kärhanalary döredýän we ykdysady taýdan dumukly ösýän döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. «Türkmenistanda öndürilen» belgi bilen çykarylýan ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümlere daşary ýurtly sarp edijileriň islegleriniň barha ýokarlanmagy ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagyna getirýär. Daşary söwda gatnaşyklaryny has-da giňeltmek, Türkmenistanda öndürilýän, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ýurdumyzda uly möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşary söwda ulgamynyň netijeliligi ulag üpjünçilik ulgamlarynyň işjeň we netijeli hereket etmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Turkmenistan Ýewropa we Aziýa ýollarynyň çatrygynda geografiki taýdan örän amatly ýerleşýär. Bu şertlerden netijeli peýdalanmak üçin, ulag ulgamynyň her bir ugry boýunça geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde, ýurdumyzda häzirki zaman ulag we kommunikasiýa ulgamlary döredildi – diýlip, gutlagda bellenilýär. Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary häzirki zaman ýagdaýlaryny we döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, dünýä ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilendir. Dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky başlangyçlar türkmen döwletiniň öz ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatdaky bitewi tagallalarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde, täze pudaklar, köp sanly ýokary tehnologiýaly kärhanalar döredilýär. Türkmenistandaky giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, durmuşyň dürli ugurlarynda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar we beýleki üstünlikler bizi örän buýsandyrýar. Şu gün öz işine başlan serginiň esasy maksady hem, daşary ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan, ata Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakdan, hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda nygtalýar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow