Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wideoşekilli iş maslahatynda orak möwsüminiň barşyna we Medeniýet hepdeligine taýýarlyk baradaky meselelere garaldy
Syýasy habarlar
Wideoşekilli iş maslahatynda orak möwsüminiň barşyna we Medeniýet hepdeligine taýýarlyk baradaky meselelere garaldy
Çap edildi 19.06.2017
1525

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem öňde boljak döredijilik çäresine — şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi, olar sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdiler. Milli Liderimiz bugdaý hasylyny doly we bellinlen möhletlerinde ýygnap almagyň möhümdigini belläp, tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy, gallanyň ugradylmagy we saklanylmagy, şeýle hem, gowaça ýokary hilli idegiň üpjün edilmegi babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň birnäçe etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, ýagdaýy düzetmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, abadanlaşdyrmak boýunça işlere, desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, öňde boljak Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmek işlerine aýratyn üns berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini ösdürmek, şanly seneleri baýram etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmek, nusgalyk arassaçylygy saklamak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow