Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi
Syýasy habarlar
Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi
Çap edildi 16.06.2017
1612

2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän Türkmenistanda Gaznanyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi. Anna güni geçirlen hökümetiň mejlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Çözgüde gol çekdi. Resminama bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümi, onuň düzgünnamasy we edaranyň işgärleriniň sanawy tassyklandy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işini Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Düzgünnamasyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we onuň guramalarynyň derejesi hakynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda amala aşyrýar. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti Aral deňziniň meseleleri boýunça dörediji döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň, Gaznanyň Prezidentiniň we Müdiriýetiniň çözgütleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini, bu sebitde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem halkara guramalary, ýardam beriji ýurtlar, ekologiýa we beýleki gaznalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çözgüde gol çekip, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Aral deňziniň täsirlerini aradan aýyrmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň netijeli gatnaşyklary hem-de tagallalaryny birleşdirmegi üçin özboluşly binýat bolup durýandygyny belledi. Türkmen lideri ekologiýa we suw diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow