Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
DИМ-de geçirilen maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň saparynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
DИМ-de geçirilen maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň saparynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 15.06.2017
1344

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, BMG-niň degişli düzümleriniň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky möhüm maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýär. Özüniň parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmek bilen, döwletimiz giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaý nazaryndan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy we olaryň ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistan ulgamlaýyn esasda energetika, ekologiýa, suw ulgamy we beýleki ugurlarda BMG bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Mundan başga-da, daşary ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly esasda ýola goýulmagyny, ykdysadyýetiň ösüşini, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýän şertleri döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň energiýa göterijileriň howpsuz üstaşyr geçirilmeginiň halkara-hukuk guralyny döretmegiň çäklerinde energetika ulgamy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Ýurdumyzyň energiýa göterijileri ugratmak meseleleri boýunça halkara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklibi dünýä bileleşigi tarapyndan işjeň kabul edilýär we ol yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Şeýle hem häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynyň we ulag mümkinçilikleriniň köpugurly esasda ösdürilmegine daýanýan ulag diplomatiýasyny işjeň ösdürýändigi bellenildi. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi bu ýerde edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurdaky, şol sanda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ýygjam gatnaşyklaryň dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň gün tertibinde terrorçylyga garşy göreş, ýaragsyzlanmak meselesi, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi ýaly möhüm ugurlaryň durýandygy bellenildi. Şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu ugurlar hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini we onuň dünýä bileleşiginiň ähli halklaryň ösüş maksatlaryna we abadançylyga ýetmäge bolan bähbitlerine doly laýyk gelýändigini tassyk edýär. Hususan-da, gürrüň parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, Orta Aziýa we Hazar deňzi gurşawynda hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly we syýasy ýollar bilen kadalaşdyrylmagyna goldaw bermek hem-de bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine tagalla etmek hakynda barýar. Aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda Aşgabatda geçirilen gepeşikleriň ägirt uly taryhy ähmiýeti bolan waka, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ählumumy maksatlaryň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň nusgasyny äşgär edýän möhum sepgide öwrülendigini ynamly aýtsa bolar.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow