Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçiriler
Syýasy habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçiriler
Çap edildi 12.06.2017
1494

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we iş sapary bilen paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçiriler. 1992-nji ýylda BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan1995-nji ýylda dünýä döwletleriniň 185-siniň goldamagy bilen Bitaraplyk derejesiniň berilmegine mynasyp boldy. Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň Bas Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy, bu abraýly guramanyň möhüm düzümlerine girmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň maslahatlarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary BMG-niň yglan eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy şu saparyň maksatnamasynyň esasy bölegi bolup durýar. Ol strategiki hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow