Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda Medeniýet hepdeligi geçiriler
Medeniýet
Aşgabatda Medeniýet hepdeligi geçiriler
Çap edildi 09.06.2017
2527

Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 22-27-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk dowam edýär. Giň möçberli hepdeligiň çäklerinde milli ruhy – medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçiriler. Olaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şygryýet agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle hem V Aziýa oýunlary mynasybetli neşir we çaphana önümleriniň, fotosuratçylaryň sergisi, opera we sahna oýunlarynyň, çeper filmleriň görkezilişi guralar. Muzeý işgärleriniň we arheologlaryň gatnaşmagynda geçiriljek ylmy maslahatyň barşynda milli taryhy –medeni mirasy mundan beýläk-de öwrenmegiň we wagyz etmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler hem-de sungat ussatlarynyň konserti guralar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow