Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar
Syýasy habarlar
Aşgabatda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar
Çap edildi 09.06.2017
1416

Şu ýylyň 15-16-njy iýun aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen -wenger toparynyň üçünji mejlisini Aşgabat şäherinde geçiriler. Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Wengriýanyň dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýandyklaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hökümetara toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Toparyň nobatdaky mejlisinde anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Şol teklipleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ähli ugurlar boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berer.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow