Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi – ykdysady ösüşiň esasy ugry
Syýasy habarlar
Bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi – ykdysady ösüşiň esasy ugry
Çap edildi 07.06.2017
1487

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynyň, düzümleriniň we bank ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmekde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu wezipeler döwlet Baştutanymyzyň degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda düýn geçiren maslahatynda kesgitlendi. Olarda ady agzalan pudaklaryň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda ägirt uly işleriň öňde durýandygy Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini, ykdysady nukdaýnazardan ähli ykdysady we dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegini, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitleriniň nazarda tutulmagyny, goýberilýän serişdeleriň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylmagyny, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmek meseleleriniň möhümdigine ünsi çekildi. Ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge we berkitmäge, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmaga we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň zerurdygyny bellendi. Häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň salgyt gullugyny düýpli özgertmegiň zerurdygyna, şeýle hem täze usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň esasynda maliýe we bank-karzlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow