Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 31.05.2017
1411

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Mukaddes aýda Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk, doga-dilegleriň kabul bolmagyny, tutuş musulman ymmatyna gowulyklaryň ýar bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Siziň doganyňyz, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdel Aziz AL SAUD, Saud Arabystanynyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy uly şatlyk duýgusy bilen ýollaýaryn. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna öňegidişlik we rowaçlyk dileg edýärin. Çuňňur hormat we sarpa goýmak bilen, Abdel Fattah AL-SISI, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we doganlyk arzuwlarymy ibermek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär. Bu nurana aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk eçilmegini, doga-dilegleri kabul etmegini, tutuş musulman ymmatyna ösüş, abadançylyk hem-de parahatçylyk dileg edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Doganyňyz, Muhammed ben Naýif ben Abdel Aziz AL SAUD, Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, içeri işler ministri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Bu nurana aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk eçilmegini, doga-dilegleri kabul etmegini, tutuş musulman ymmatyna ösüş, abadançylyk we parahatçylyk dileg edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Doganyňyz, Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD, ikinji Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ikinji orunbasary, goranmak ministri.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow