Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç: Hazar gazyny Ýewropa bazaryna çekmek anyk häsiýete eýe bolýar
Syýasy habarlar
Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç: Hazar gazyny Ýewropa bazaryna çekmek anyk häsiýete eýe bolýar
Çap edildi 30.05.2017
1462

Paýtagtymyzda öz işine başlan “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Halkara Energetika Hartiýasynyň forumyna gatnaşyjylary Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Çefçowiç wideoşekil arkaly mübärekledi. ÝK-nyň wise-prezidenti ýakyn ýyllarda Hazar sebitiniň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň giň ugurlar, şol sanda energetika boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdigine pugta ynam bildirdi. Türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ugratmak boýunça geçirilýän gepleşikleriň we tagallalaryň gatnaşyklaryň berkidilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi. Maroş Çefçowiçiň aýtmagyna görä, gaz pes uglerod ykdysadyýete uzak möhletleýin esasda geçilmeginde möhüm orun eýeleýär. Halkara gaz bazarlarynda, ulag dzüminde, şeýle hem elektroenergiýanyň serhetüsti söwdasynda, elektroenergiýanyň anyk bazarlarynyň döredilmeginde bu meýiller energetika ulgamyny ösdürmek üçin möhüm bolup durýar. Ýewropa komissiýasygyň wise-prezidenti Türkmenistany Gündogar-Günbatar turbageçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy we TOPH gaz geçirijisi boýunça işleriň dowam etmegi bilen gutlady. Taraplaryň şeýle iri taslamalar boýunça toplan tejribesi Ýewropa Bileleşigineň, hususan-da, Günorta gaz geçelgesine bolan ugurlary köpugurly esasda ösdürmekde, Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Merkezi Aziýa bolan ugurlaryň giňeldilmeginde bähbitli bolar. Hazar gazynyň Ýewropa bazarlaryna çekilmegi anyk ýagdaýa öwrülýär. Şu ýylyň fewral aýynda Bakuda geçirilen geňeş maslahaty muny tassyk etdi diýip, Maroş Çefçowiç belledi. Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Aşgabatda bolan saparyndan we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyndan dogry iki ýyl geçendigini belläp, Ýewropa komissiýasy- Azerbaýjan- Türkiýe- Türkmenistan ýaly dörttaraplaýyn ministrler maslahatynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekilmegi energetika pudagynda degişli iş toparyny döretmek üçin möhüm binýat bolup durýar. Şunlukda, bu hyzmatdaşlyk netijeli dowam etdiriler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow