Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy
Syýasy habarlar
Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy
Çap edildi 30.05.2017
1451

Türkmen paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly iki günlük Aşgabat forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyga degişli döwlet düzümleriniň, abraýly halkara guramalaryň, senagat ulgamynyň, ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar. Söwda-senagat edarasynyň kiçi zalynda ýygnananlaryň arasynda Energetika Hartiýasyna agza döwletleriň -- Albaniýanyň, Awstriýanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Keniýanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Ýaponiýanyň, şeýle hem synçy döwletleriň -- ABŞ-nyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Senegalyň, Ugandanyň, Ýemeniň wekiliýetleri bar. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, ÝUSAID-iň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň we beýleki halkara düzümleriň ençemesiniň, şeýle hem CNPC we British Petroleum (BP) ýaly iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar. Energetika Hartiýasynyň wekiliýetine bu guramanyň Baş sekretary Urban Rusnak ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da, Aşgabat duşuşygyna daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri – 31-nji maýda türkmen paýtagtynda geçiriljek Halkara energetika media-forumyna gatnaşyjylar çagyryldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Energetika Hartiýasynyň bilelikde guran Forumynyň gün tertibine bu möhüm pudakdaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek we işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly giň meseleler toplumy girizildi. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilýän wekilçilikli duşuşyk ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek ýaly möhüm ugurda netijeli gatnaşyk üçin oňyn binýada öwrüldi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow